HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen toparynyň garşydaşy tälimçisini üýtgedip biler

Noýabr 18, 2025 | 22:10 |25322
«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşynyň tälimçisini çalyşmagy mümkin. Has takygy, türkmen topary bilen bilelikde «B» toparçadan orun alan Özbegistanyň «Andijan» kluby häzirki baş tälimçisi Maksim Şatskihi işden boşadyp, onuň ýerine Samwel Babaýany getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada stadion.uz saýty habar berdi.«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşynyň tälimçisini çalyşmagy mümkin. Has takygy, türkmen topary bilen bilelikde «B» toparçadan orun alan Özbegistanyň «Andijan» kluby häzirki baş tälimçisi Maksim Şatskihi işden boşadyp, onuň ýerine Samwel Babaýany getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada stadion.uz saýty habar berdi.
Çeşme: stadion.uz

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşynyň tälimçisini çalyşmagy mümkin. Has takygy, türkmen topary bilen bilelikde «B» toparçadan orun alan Özbegistanyň «Andijan» kluby häzirki baş tälimçisi Maksim Şatskihi işden boşadyp, onuň ýerine Samwel Babaýany getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada stadion.uz saýty habar berdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, topar bilen hünärmeniň arasynda eýýäm ähli şertler dilden ylalaşylypdyr. Ýöne Babaýanyň haçan toparyň baş tälimçiligine resmi ýagdaýda belleniljekdigi barada heniz takyk maglumat ýok.

Samwel Babaýan tälimçilik karýerasynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna, «Pahtakor» we «Nawbahor» ýaly öňdebaryjy özbek toparlaryna hem halypalyk edipdi.

Ýeri gelende bellesek, «Andijan» 26-njy noýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň 5-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» topary bilen duşuşar. Oýun Özbegistanda geçiriler.

«Andijan» häzirki wagtda turnirdäki 4 oýnunyň ählisini 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026