HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Toyota” awtoulaglaryň gyşdan öňki barlagyny mugt geçirmek üçin aksiýa hödürleýär

Noýabr 18, 2025 | 15:45 |22221
Çäräniň çäginde her bir müşderi 450 manatlyk bir gezeklik sowgat çekini alar we ony soňraky hyzmat merkezine baryp ulanyp bolarÇäräniň çäginde her bir müşderi 450 manatlyk bir gezeklik sowgat çekini alar we ony soňraky hyzmat merkezine baryp ulanyp bolar
Çeşme: orient.tm

“Toyota”-nyň Turkmenistandaky resmi dileri “Beýik Ýüpek Ýoly”, resmi distribýutory “Toyota Central Asia” bilen bilelikde awtoulaglaryň gyşdan öňki mugt barlaglaryny hödürleýän möwsümleýin aksiýany yglan edýär.

Çäräniň çäginde her bir müşderi 450 manatlyk bir gezeklik sowgat çekini alar we ony soňraky hyzmat merkezine baryp ulanyp bolar.

Aksiýa gyş möwsüminde awtoulaglaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we aşakdaky esasy parametrleriň mugt diagnostikasyny öz içine alýar:

kondisioner we ýyladyş ulgamy;

akkumulýator;

aýna süpürgiçleri;

sowadyş ulgamy;

tormoz ulgamy;

motor ýagy;

tekerleriň ýagdaýy;

yşyklandyryş ulgamy;

howa süzgüji;

hereketlendiriji kemerleri.

Sowgat çeki 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli güýjünde. Kompaniýa awtoulaglaryň wagtynda toplumlaýyn barlagynyň howpsuzlygy, ýolda ynamy we awtoulagyň ömrüniň uzaldylmagyny kepillendirýändigini belleýär.

Diagnostiki barlagy belläp geçmek ýa-da goşmaça maglumat almak üçin müşderiler şu salgy boýunça habarlaşyp bilerler:

Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 39. +993 (12) 76 10 42

Tahran k., “Aşgabat” söwda merkezi. +993 (65) 81 65 35

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026