HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagyny işe girizdiler

Noýabr 17, 2025 | 13:00 |28450
Ýokary derejeli gepleşiklerden tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylarÝokary derejeli gepleşiklerden tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Çeşme: president.uz

Ýokary derejeli gepleşiklerden tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Bu zolagyň açylmagy döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkininiň aýdyň we olaryň ykdysady mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmak islegleriniň amaly netijesidir.

turkmenistan-uzbekistan-zapusk-zona-dashoguz-shavat (3).jpg

Bu zolakda harytlaryň çalt we päsgelçiliksiz hereketini üpjün edýän döwrebap infrastruktura bar: müdirligiň, gümrük, karantin, fitosanitariýa we weterinariýa gulluklarynyň ýerleşýän administratiw binalary, şeýle hem söwda pawilony we giň ammar jaýlary bar.

Bu ýerde işewürlik we raýatlar üçin amatly şertlere aýratyn üns berilipdir. Bu zolakda “bitewi penjire” ýörelgesi boýunça döwlet hyzmatlaryny, interaktiw ulgamlar, şeýle hem bank, lukmançylyk we myhmanhana hyzmatlary göz önünde tutulan.

turkmenistan-uzbekistan-zapusk-zona-dashoguz-shavat (1).jpg

Täze zolagyň işi Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen Özbegistanyň Horezm welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine gönüden-göni goşant goşar. Bu sebitler umumy ilaty 3,5 milliondan gowrak bolan uly ykdysady mümkinçiliklere eýedir. “Şawat-Daşoguz” zolagynyň işe girizilmegi sebitleýin söwdasyny artdyrmak we serhetýaka sebitlerde ýaşaýan ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin güýçli itergi berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026