Daşkentde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylama dabarasy geçirildi


16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlady. “Daşkent-Humo” halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylama dabarasy geçirildi.
Hormatly myhmany garşylap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Baştutanyny münbere çagyrdy.
Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde iki ýurduň döwlet senalaryny ýaňlandy. Hormat garawuly döwlet Baştutanlarynyň öňünden geçdiler.
Prezidentler resmi wekiliýetiniň agzalary bilen salamlaşdylar.

Saparyň esasy çäreleri ertir, 17-nji noýabrda geçiriler.
Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak we köpugurly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.
ORIENT








