HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dahua: wideogözegçilikden seljermä çenli – “akylly” şäherler üçin täze mümkinçilikler

Noýabr 14, 2025 | 06:00 |44092
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara sergileriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda hytaýly “Dahua Technology” kompaniýasynyň diwarlygy ünsleri özüne çekdiUlag we aragatnaşyk ulgamynda halkara sergileriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda hytaýly “Dahua Technology” kompaniýasynyň diwarlygy ünsleri özüne çekdi
Çeşme: orient.tm

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara sergileriniň geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda hytaýly “Dahua Technology” kompaniýasynyň diwarlygy ünsleri özüne çekdi. Wideo tehnologiýasyna esaslanýan AIoT çözgütlerine ýöriteleşen kompaniýa 2013-nji ýyldan bäri türkmen bazarynda işleýär, şäher we senagat infrastrukturasy üçin howpsuzlyk ulgamlaryny, wideo gözegçiliklerini we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak üçin uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

“Dahua” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Luo Teniň nygtaýşy ýaly, kompaniýanyň ünsi ýönekeý gözegçilikden intellektual seljermä geçdi.

“Biz howpsuzlyk we intellektual çözgütlere üns berýäris. Biziň ulgamlarymyz indi diňe synlamak bilen çäklenmän – daşky gurşawy seljerýärler, karar kabul edýärler we onuň bilen özara täsirleşýärler, bu bolsa kärhanalara we döwlet edaralaryna has netijeli işlemäge kömek edýär” – diýip, ol belledi.

Sergide kompaniýa wideo tehnologiýalaryň ýüzleri özbaşdak tanamak, adamlaryň hereketlerini seljermek we mümkin bolan howplary anyklamak usullaryny görkezdi. Luo Teniň sözlerine görä, häzirki wagtda gyzyklanma diňe gözegçilik kameralaryndan daşary, “adam ýaly pikirlenýän”, howplar ýüze çykmazdan öň netije çykaryp we olary duýduryp bilýän ulgamlara hem degişlidir. “Dahua Technology” kompaniýasy her ýyl girdejisiniň takmynan 10%-i ylmy-barlag we işläp düzmek boýunça işlerine maýa goýýar.

Bu hyzmatdaşlygyň möhüm tarapy diňe enjamlar bilen üpjün etmek däl, eýsem milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmekdir. “Dahua Technology” hünärmenleriň bilimine we taýýarlygyna maýa goýmak arkaly intellektual ulgam hünärmenleriniň ösüşine goldaw bermäge taýýar. Bu bolsa pudagy pugtalandyrmaga we Türkmenistanda sanly özgertmäni çaltlaşdyrmaga goşant goşýar.

“Biz akylly binalary, akylly ulaglary we şäher ulgamlaryny ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň maksadymyz – jemgyýeti has howpsuz we durmuşy has gowy etmekdir” – diýip, Luo Ten sözüni jemledi.

“Dahua Technology” ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistan dünýäniň tehnologiýada öňdebaryjylaryna işjeň goşulýar, ähli derejelerde howpsuzlygy we durnukly ösüşi ýokarlandyrmak üçin innowasion gurallara eýe bolýar.

Enejan KEPBANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026