HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragatnaşyk ministri: Türkmenistan startaplar we EA-işgärleri üçin merkezi döredýär

Noýabr 13, 2025 | 16:10 |31137
Şu gün “Türkmentel — 2025” we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara forumynyň çäginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda guralan –Türkmenistanyň Halkara startup forumy -2025” atly aýratyn sessiýa geçirildiŞu gün “Türkmentel — 2025” we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara forumynyň çäginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda guralan –Türkmenistanyň Halkara startup forumy -2025” atly aýratyn sessiýa geçirildi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 13-nji noýabr | ORIENT. Şu gün “Türkmentel — 2025” we “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara forumynyň çäginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda guralan –Türkmenistanyň Halkara startup forumy -2025” atly aýratyn sessiýa geçirildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş edip, innowasiýany ýurduň durnukly ösüşiniň we sanly özgerişiniň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ministr şeýle ähmiýetli forumyň geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we döwletiň, halkara guramalarynyň hem-de hususy pudagyň tagallalaryny durnukly innowasion ekoulgamy döretmek üçin birleşdirmegiň ýolunda möhüm ädimdigini nygtady.

Hajymyrat Hudaýgulyýew milli sanly ileri tutulýan ugurlary daşary syýasatyň gün tertibi bilen baglanyşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Waşingtonda geçirilen “Merkezi Aziýa + ABŞ” sammitine gatnaşandygyny belledi. Bu ýerde startaplary, tehnologik telekeçiligi we innowasion ulgamlary goldamakda aýdyň garaýyş beýan edildi, munuň özi bolsa ýurduň ählumumy sanly amallara işjeň goşulmak niýetini tassyklady.

Ministr ýurduň durmuşa geçirýän esasy strategik ugurlarynyň arasynda telekommunikasiýa we sanly infrastrukturanyň ösdürilmegini, şol sanda sanly ulag geçelgelerini döretmek boýunça halkara taslamalaryna gatnaşmagy, bilim, saglygy goraýyş we döwlet dolandyryş ulgamlarynda sanly ulgamlaryň işe girizilmegini, sanly goşulyşmagy üpjün etmegi, sanly we gender tapawudyny azaltmagy, şeýle hem bilim maksatnamalary we halkara hünär kämilleşdiriş işleri arkaly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we emeli aň boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlanylmagyny görkezdi.

Ýokary tizlikli internete elýeterliligi giňeltmek üçin, esasanam oba ýerlerinde we çetki ilatly ýerlerde “TürkmenÄlem 52°E” milli aragatnaşyk hemrasyny işjeň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.

13112025-turkmentel-ministr-svyazi-startup-forum-it-park (2).jpg

Ministr H.Hudaýgulyýew Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezdi. Aragatnaşyk ministri döwlet edaralarynyň arasynda has netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän, amallaryň açyklygyny ýokarlandyrýan we karar kabul etmegi çaltlaşdyrýan edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.

BMGÖM bilen hyzmatdaşlyk birnäçe möhüm netijeleri gazanmaga, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin täze konsepsiýasynyň we döwlet maksatnamasynyň işlenip düzülmegi, okuw we halkara tejribeligi arkaly döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem “EGA Academy” we “Innopolis University” ýaly öňdebaryjy bilim we tehnologiýa merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berdi.

Ministr startap ekoulgamyny ösdürmegiň esasy başlangyjy hökmünde “Sanly Çözgüt” Milli IT-meýdançasynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny habar berdi. Ministr IT-meýdançanyň depginli innowasiýa merkezine, startaplar, telekeçiler, ylmy işgärler we maýadarlar üçin giňişlige öwrüljekdigini nygtady. H.Hudaýgulyýew iş orunlaryny döretmek, sanly başarnyklary ösdürmek we Türkmenistanyň ählumumy innowasion ekoulgamyna goşulmagy üçin hereketlendiriji bolmaga niýetlenendir.

Sözüniň ahyrynda Hajymyrat Hudaýgulyýew sanlylaşdyrmak we innowasiýa boýunça bilelikdäki tagallalaryň ýaş telekeçilere öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän durnukly ykdysady ösüş, diwersifikasiýa we bäsdeşlik ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026