HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda polýak pianinoçysy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler

Noýabr 12, 2025 | 23:45 |21229
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçirilerTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçiriler
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçiriler.

Sahna çykjak sungat ussady – halkara sahnasynda öz ussatlygy we çykyşlarynyň çuň duýgudarlylygy bilen tanalýan meşhur polýak pianinoçysy Woýseh Waleçek.

Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F. Liszt adyndaky halkara bäsleşiginiň, şeýle hem Palermo şäherinde geçirilen halkara pianinoçylar bäsleşiginiň we birnäçe beýleki abraýly baýraklaryň ýeňijisidir.

Ol diňe bir solo konsertler bilen çäklenmän, kamera sazandalar toparlary we simfoniki orkestrler bilen hem çykyş edýär. Olaryň arasynda: Warşawadaky Polşa Radiosynyň orkestri, Krakowdaky Beethowen akademiki orkestri, Amman simfoniki orkestri we beýlekiler bar.

Konsertiň başlanjak wagty — 19:00. Giriş — mugt.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026