HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenRouter platformasynda syrly "Polaris Alpha" atly täze model peýda boldy

Noýabr 10, 2025 | 17:30 |19311
OpenRouter platformasynda mugt synag üçin «Polaris Alpha» deslapky ady bilen täze neýro ulgam peýda boldyOpenRouter platformasynda mugt synag üçin «Polaris Alpha» deslapky ady bilen täze neýro ulgam peýda boldy
Çeşme: rbc.ru

OpenRouter platformasynda mugt synag üçin «Polaris Alpha» deslapky ady bilen täze neýro ulgam peýda boldy. Bu «gizlin modeliň» döredijisi açyk görkezilmeýär, ýöne IT jemgyýetinde onuň OpenAI tarapyndan döredilen GPT-5.1-niň irki synag wersiýasy bolup biljekdigi barada işjeň gürrüňler bar. Bu pikiriň esasy delili — modelde görkezilen knowledge cutoff parametriniň diňe GPT-5 maşgalasy bilen gabat gelýändigi.

Polaris Alpha modeli öz döredijisi barada maglumatlary gizleýär, ýöne onuň bilim maglumatlarynyň haçana çenli täzelenendigini görkezýär: 2024-nji ýylyň oktýabry. Häzirlikçe bazardaky ähli belli modelleriň arasynda bu sene diňe GPT-5 maşgalasynda duş gelýär.

Mundan başga-da, Polaris Alpha bilen geçirilen synag soragnamalarynda onuň kody we jogaplary generirleme stili öňki maglunatlarda görkezilen GPT-5 Thinking modeli bilen örän meňzeş.

Polaris Alpha-nyň synag meýdançasyna peýda bolmagy, ýakyn wagtda GPT-5.1-niň çykmagy baradaky gürrüňler bilen gabat geldi. OpenAI-niň täze AI wersiýasy barada maglumat birnäçe gezek Codex hyzmatynyň kodlarynda tapyldy.

Şol maglumatlaryň birinde hatda çykarylyş senesi hem görkezilýär — 24-nji noýabr 2025. Bu sene OpenAI üçin adaty çykarylyş senesi däl, ýöne soňky ýyllarda täze wersiýalaryň (GPT-4 we GPT-4o ýaly) 2–4 aýda bir gezek täzelenýändigini göz öňünde tutsak, täze wersiýanyň ýakyn wagtda peýda bolmagy ähtimal. Polaris Alpha-nyň jemgyýetçilik synagyna çykarylmagy bolsa bu garaşylýan ýagdaýy has-da güýçlendirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026