HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Koreýa gatnaşyklaryny berkidýär: ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Halkara maslahatda çykyş etdiler

Noýabr 08, 2025 | 18:25 |14058
3–6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda geçirilen Halkara bilim maslahatyna gatnaşdy3–6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda geçirilen Halkara bilim maslahatyna gatnaşdy
Çeşme: education.gov.tm

3–6-njy noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowanyň hem gatnaşmagynda, Türkmenistanyň wekilleri Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti tarapyndan guralan Halkara bilim maslahatyna gatnaşdylar. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilen bu duşuşyk iki ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň yzygiderli giňelýändigini görkezdi.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň ylmy işler boýunça prorektory S. Batyrowanyň hem-de Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreý dili merkeziniň direktory M. Hudaýnazarowanyň bu maslahata gatnaşmagy ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň konstruktiw häsiýete eýedigini görkezýär.

Maslahatyň dowamynda S. Batyrowa Türkmenistanyň öňdebaryjy dil ýokary okuw mekdebiniň alyp barylýan işleri barada çykyş etdi. Ol çykyşynda Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň ösüşiniň esasy ugurlaryny belläp geçdi:

• Sanly tehnologiýalar: Okuw prosesine döwrebap sanly mümkinçilikleriň ornaşdyrylmagy.

•Halkara hyzmatdaşlygy: Akademiki alyş-çalşygy giňeltmek we Kanwon milli uniwersiteti bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamany durmuşa geçirmek.

• Okatmagyň usulyýetleri: Dilleri okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirilmek we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak.

Maslahat bilen bir hatarda giň göwrümli sergi hem guraldy. Sergide türkmen halyçylyk sungatynyň nusgalary, gadymy şaý-sepler we el işleri görkezildi.

Şunuň ýaly daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler Türkmenistanyň parahatçylyga we ynanyşmaga çagyryşyny şöhlelendirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we dünýä ykdysady giňişligi bilen gatnaşyklarynyň giňelmegine oňyn täsir edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026