HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda takyk ylymlary we daşary ýurt dilleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Oktýabr 30, 2025 | 17:00 |12285
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýarTürkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy umumybilim berýän mekdepler üçin täzeden neşir edilen we täze okuw kitaplaryny çykardy.

Informatikanyň esaslary

Öwrenilişi rus dilinde bolan 2-nji synp üçin «Informatikanyň esaslary» atly okuw kitaby täzeden neşir edildi. Bu okuw kitaby kiçi synp okuwçylara sanly sowatlylygyň esaslaryny öwretmäge gönükdirilendir. Okuwçylar kompýuter we maglumat girizmek-çykarmak enjamlary bilen işlemekde howpsuzlyk kadalary bilen tanyşýarlar. Şeýle hem, okuw kitabynda algoritmik pikirlenmäni ösdürmäge, Windows ulgamynda işlemegiň esaslaryna we kompýuter grafikasynyň başlangyçlaryna, şeýle hem Internet ulgamyny ulanmak boýunça başarnyklara üns berilýär.

Matematika

5-nji synp üçin «Matematika. 1-nji bölüm» atly okuw kitabynyň täzeden işlenip düzülen we giňeldilen neşiri çap edildi. Kitap iki esasy bölümden ybaratdyr: «Natural sanlar we olar bilen işlemek» hem-de «Geometrik şekiller we ölçegler». Onuň maksady — matematika ylmynyň esasy bölümleri boýunça düýpli binýatlaýyn bilimleri emele getirmek, logiki we giňişlik pikirlenmäni ösdürmek, şeýle hem alan bilimleri amaly taýdan ulanmak başarnygyny berkitmekdir.

Ýapon dili

Döwlet konsepsiýalarynyň çäklerinde 5-nji synp üçin «Ýapon dili» okuw kitaby neşir edildi. Kitabyň mazmuny ýapon elipbiýine giriş we «Tanyşlyk», «Meniň maşgalam», «Meniň mekdebim» ýaly temalary öz içine alýar. Bu okuw kitabynyň aýratynlygy — sanly tehnologiýalaryň doly ulanylmagy bilen tapawutlanýar: tekstler, dialoglar we sözlükler diňlemek we gepleşik endiklerini ösdürmek üçin ses ýazgylary bilen üpjün edilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026