Toyota-dan Walk Me: Basgançaklardan çykyp bilýän we eplenilýän aýakly robot


Japan Mobility Show 2025 sergisinde Toyota kompaniýasy mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin düýpgöter täze — Walk Me atly enjamy tanyşdyrdy. Bu diňe bir maýyplar ücin oturgyç däl, eýsem dört “aýakly” awtonom robot bolup, biomimetik dizaýnynyň kömegi bilen dik basgançaklary we oňaýsyz ýer böleklerini ýeňip geçip bilýär. Ol ulanyjylara hakykatdan-da erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär.
Walk Me adaty tigirli oturgyçlardan tapawutlydyr, sebäbi onda tigirleriň ýerine tebigatdan ylham alnan (mysal üçin, geçiler ýa-da leňňeçler ýaly) herekete getirilýän dört robotlaşdyrylan aýak bar. Şeýle gurluş enjamyň çägeli ýerlerde hem, dik basgançaklarda hem deňagramlylygyny we durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.
Esasy tehnologiýalar:
Datçikler we LiDAR: Her bir aýak aýratyn datçikler we LiDAR ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, daş-töweregi yzygiderli skanirleýär. Bu robotyň akgynly hereket etmegini, deňagramlylygyny awtomatiki sazlamagyny we päsgelçilikleri (mysal üçin, halynyň gyrasy) öňünden görmegini üpjün edýär.
Ses arkaly dolandyryş: Adaty tutawaçlardan başga-da, kyn işlerde sesli buýruş ulanylyp bilner. Mysal üçin, «aşhana» diýip aýtmak ýeterlik, akylly ulgam iň amatly ýoly özi saýlar.
Amatlylyk Walk Me enjamynyň esasy artykmaçlygydyr. Otyrgyç ulanyjynyň arkasyny goldaýan anatomiki görnüşli arka bölegi bilen üpjün edilen, kiçi göwrümli batareýasy bolsa günüň dowamynda işjeň ulanyş üçin wagty üpjün edýär.
Esasy aýratynlyk — saklanyşynyň we geçirijiliginiň amatlylygyny üpjün edýän awtomatik eplenilmegidir. Diňe bir düwmäni basmak bilen, daşyndan uly görnüşli bolan enjam 30 sekunt içinde el ýüküne meňzeýän ölçege çenli eplenilýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, Walk Me häzirlikçe prototip ýagdaýynda bolsa-da, ol maýyplygy aradan aýyryjy tehnikalaryň ulgamynda düýpli öwrülişigi alamatlandyrýar. Toyota geljekki hereket özgertmesiniň maksadynyň tigirleri kämilleşdirmek däl, eýsem olary akylly we çeýe robotlaşdyrylan ulgamlara çalyşmakdygyny görkezdi.
ORIENT








