HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan – ÝB ykdysady hyzmatdaşlyk Komitetiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

Noýabr 06, 2025 | 22:10 |48137
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 6-njy noýabrda, penşenbe güni Ýewropa Daşary aragatnaşyk gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 6-njy noýabrda, penşenbe güni Ýewropa Daşary aragatnaşyk gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 6-njy noýabrda, penşenbe güni Ýewropa Daşary aragatnaşyk gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ministrler derejesindäki duşuşygynyň netijeleri jemlendi.

Duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň halkara hyzmatdaşlykda möhüm sütünleriň biri bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

06112025-komitet-sotrudnichestvo-turkmenistan-es (2).jpg

Şu nukdaýnazardan taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna taýýarlyk meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem «Türkmenistan – ÝB» ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine seredildi. Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky ygrarlylygy tassyklanyldy.

Diplomatlar bilim, ekologiýa we ulag ýaly möhüm ugurlarda geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara gatnaşygy pugtalandyrmak bolan gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026