HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Apple» «Google» kompaniýasyna «Gemini» arkaly «Sirini» kämilleşdirmek üçin ýylda, takmynan, 1 milliard dollar tölär

Noýabr 06, 2025 | 19:00 |12151
«Apple» kompaniýasy «Google» bilen ýörite taýýarlanylan «Gemini» atly emeli aň modeliniň täze wersiýasyny «Apple Intelligence» platformasyna ornaşdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşdy«Apple» kompaniýasy «Google» bilen ýörite taýýarlanylan «Gemini» atly emeli aň modeliniň täze wersiýasyny «Apple Intelligence» platformasyna ornaşdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşdy
Çeşme: AI

«Apple» kompaniýasy «Google» bilen ýörite taýýarlanylan «Gemini» atly emeli aň modeliniň täze wersiýasyny «Apple Intelligence» platformasyna ornaşdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşdy. «Bloombergiň» žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna salgylanyp, «The Verge» neşiriniň ýazmagyna görä, şertnamanyň bahasy ýylda, takmynan, 1 milliard dollara barabar.

Bellenilişi ýaly, «Gemini» emeli aň modeliniň ornaşdyrylmagy «Siri» sesli kömekçisiniň intellektual mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar. Hususan-da, ol tekst görnüşindäki gysga mazmunlary döretmekde we meýilleşdiriş bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirmekde has netijeli bolar.

«Apple» bu modeli özüne degişli «Private Cloud Compute» atly şahsy serwerlerinde işletmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa kompaniýanyň ulanyjylaryň maglumatlarynyň gizlinligini goramak baradaky syýasatyna doly laýyk gelýär. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa «Siri» ulgamynyň işlemegini üpjün etmek üçin öz emeli aň tehnologiýalaryny hem ulanmagyny dowam eder.

Gurmanyň maglumatlaryna görä, ulanyljak «Gemini» modeli 1,2 trillion ölçegi öz içine alar. Bu bolsa «Apple» tarapyndan döredilen «Apple Intelligence» platformasynyň bulut wersiýasynda bar bolan mukdardan 150 esse milliard ölçeg köpdür. Şeýlelikde, täze ulgam «Sirini» bazardaky iň ösen intellektual ulgamlaryň birine öwrüp biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026