OpenAI-nyň Sora hyzmaty: Düýpgöter täze AI wideo generatory indi Android ulgamynda elýeterli boldy


ChatGPT-ni döreden OpenAI kompaniýasy özüni giňden tanadan Sora atly AI wideo generatorynyň mobil goşundysyny Android platformasy üçin çykardy. Google Play-de peýda bolmagy, dünýäde iň hakyky görnüşe ýakyn wideo döretmäge ukyply bu tehnologiýa elýeterliligi has-da giňeldýär. Sora suratlary "janlandyryp" we diňe tekstiň esasynda çylşyrymly wideolar döretmäge mümkinçilik berýär.
Sora, Google Veo 3 bilen hakykylygy boýunça bäsleşýän hyzmat bolup, ulanyjylara fotohakyky görnüşden başlap, anime stiline çenli dürli usullarda wideolar döretmäge mümkinçilik berýär.
• Wideo döretmek: Generator diňe tekst beýanyna görä, dürli wideolary döredýär.
• Hakyky ses: Emeli aň diňe suratlary däl, eýsem fon sazyny we dialoglary hem laýyk derejede döredýär.
• Suratlary animasiýalaşdyrmak: Sora statiki suratlary hereketlendirip bilýär.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Sora 2 atly has kämilleşdirilen wersiýa çykaryldy. Onuň esasy täze aýratynlygy — "Cameo" funksiýasydyr. Bu mümkinçilik ulanyjylara döredilýän wideolara özlerini ýa-da meşhur adamlary goşmaga mümkinçilik berýär.
Global derejede işe goýberilendigine garamazdan, programmma häzirlikçe ABŞ ýaly çäkli ýurtlarda elýeterli. Russiýada OpenAI-niň beýleki hyzmatlary (ChatGPT) ýaly hem Sora resmi taýdan elýeterli däl, Google Play-de hem ýok. Şonuň bilen birlikde, käbir ulanyjylar hyzmatyň brauzer wersiýasyna giriş üçin aýlawly usullary ulanýarlar.
Mundan öň iOS wersiýasy çykandan soň, hyzmat bary-ýogy bäş güniň içinde 1 milliondan gowrak gezek ýüklenilip, özüni tanatdy. Bu bolsa emeli aň arkaly wideo döretmek boýunça örän ýokary islegiň bardygyny görkezýär.
ORIENT








