HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýanyň supermarketinde AI-robot aşpez gyzgyn naharlary taýýarlap başlady

Noýabr 06, 2025 | 16:30 |13032
Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde dünýä premýerasy bolup geçdi: Rewe söwda torunyň supermarketinde doly awtomatlaşdyrylan, AI-niň kömegi bilen gyzgyn naharlary taýýarlaýan robot-aşpez işe başladyGermaniýanyň Düsseldorf şäherinde dünýä premýerasy bolup geçdi: Rewe söwda torunyň supermarketinde doly awtomatlaşdyrylan, AI-niň kömegi bilen gyzgyn naharlary taýýarlaýan robot-aşpez işe başlady
Çeşme: circus

Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde dünýä premýerasy bolup geçdi: Rewe söwda torunyň supermarketinde doly awtomatlaşdyrylan, AI-niň kömegi bilen gyzgyn naharlary taýýarlaýan robot-aşpez işe başlady. Circus startapy tarapyndan işlenip düzülen bu innowasiýa, jemgyýetçilik iýmitlendirilişinde işgär ýetmezçilik meselelerini çözmegi we müşderilere sanlyja minutda taýýarlanan naharlary hödürlemäge gönükdirilen.

Awtomatiki aşpez moduly, aýna panelinde ýerleşdirilen, iki mehaniki eli ulanyp, adaty aşhananyň gap-gaçlaryny ussatlyk bilen ulanýar. Robot pasta arrabýata, merjimek karrisini we kädi çorbasyna çenli islendik nahary taýýarlap biler.

06112025-robot-povar-v-markete-germanii1.png

Sargyt we taýýarlamak prosesi:

• Müşderi sensor ekranda nahary saýlaýar.

• Robot taýýarlanylýan azyk önümleri özbaşdak saýlaýar we nahary taýýarlýar.

• Taýýar nahar birnäçe minutda müşderä nahar gabynda berilýär.

Işläp taýýarlaýjylaryň aýtmagyna görä, bu akylly awtomat zähmet çykdajylaryny 95% çenli azaltmaga ukyplydyr we bir gural dynç almazdan 400 nahara çenli taýýarlap biler. Bu, pandemiýadan soň umumy iýmitlendiriliş pudagyndaky düýpli işgär ýetmezçiligi meselesini çözmekde esasy çözgüt hökmünde kabul edilýär.

06112025-robot-povar-v-supermarketakh-rewe.png

• Rewe torunyň garaýşy: Toruň ýolbaşçylary robotyň adam işgärleriň ýerini tutmak üçin däl, goşmaça hyzmat hökmünde işledilýändigini belläp geçýär. Onuň wezipesi – işgär ýetmezçiliginiň öwezini dolmak we nahar görnüşini giňeltmek.

• Müşderileriň seslenmesi: Ilkinji myhmanlar hoşal boldy. Bir müşderi karriniň ajaýyp bolandygyny belledi we awtomatlaşdyrylan ulgamdan garaşaryndan hem has gowy bolandygyny aýtdy.

Synag taslamasynyň üstünlikli bolmagy bilen geljekde robotlar Düsseldorf we Bonn şäherindäki üç süpermarkete hem giriziler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026