HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Arkadag» topary Kataryň «Al-Ahli»-sini kabul etdi: Hasap deňme-deň 1-1

Noýabr 06, 2025 | 11:15 |13096
Aziýa futbol konfederasiýasynyň guramagynda geçirilýän halkara ýaryşynyň nobatdaky duşuşygynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary Kataryň «Al-Ahli» toparyny kabul etdiAziýa futbol konfederasiýasynyň guramagynda geçirilýän halkara ýaryşynyň nobatdaky duşuşygynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary Kataryň «Al-Ahli» toparyny kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Aziýa futbol konfederasiýasynyň guramagynda geçirilýän halkara ýaryşynyň nobatdaky duşuşygynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary Kataryň «Al-Ahli» toparyny kabul etdi.

Birinji ýarymyň 23-nji minudynda garşydaş toparyň futbolçylary hasaby açsada oýunyň depgini peselmedi. Ildeşlerimiz oýuny ezberlik bilen dowam etdiler. Oýunyň birinji ýarymynyň 26-njy minudynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar. Gyzykly hem-de çekeleşikli bolan oýun 1-1 hasabynda deňbe-deň tamamlandy.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan döwrebap innowasion Arkadag şäherinde geçirilen duşuşyk hünärmenleriň, tälimçileriň üns merkezinde boldy. Abraýly baýrak ugrundaky ýaryşda ildeşlerimiziň hem-de katarly futbolçylaryň çekeleşikli duşuşygy oýunyň gyzykly häsiýetini üpjün etdi.

Mälim bolşy ýaly, B toparçada “Arkadag”, “Andijan”, “Bahreýn”, “Al Haldiýa”, Kataryň “Al Ahli” toparlary çykyş edýär. Döwrebap innowasion Arkadag şäheriniň Adybir toparynyň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary futbol jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýär. Aziýa yklymynyň çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ýurdumyza 2 sany, ýagny “Arkadag” we “Ahal” toparlarynyň wekilçilik edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026