HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Noýabr 05, 2025 | 22:10 |13052
Türkmenistanyň DIM-nde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň DIM-nde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-nde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.

05112025-mid-turkmenistan-iran-ahal-severnyy-horasahn (1).jpg

Taraplar söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.

Saparyň çäklerinde eýran wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026