HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samsung bilen Nvidia kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşýar: indi AI ulgamlary üçin SSD üpjünçiligi

Noýabr 04, 2025 | 14:30 |12120
Samsung bilen Nvidia kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy indiden beýläk diňe ýokary geçirijilikli ýat (HBM – High Bandwidth Memory) üpjünçiligi bilen çäklenmeýärSamsung bilen Nvidia kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy indiden beýläk diňe ýokary geçirijilikli ýat (HBM – High Bandwidth Memory) üpjünçiligi bilen çäklenmeýär
Çeşme: Nvidia

Samsung bilen Nvidia kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy indiden beýläk diňe ýokary geçirijilikli ýat (HBM – High Bandwidth Memory) üpjünçiligi bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda Samsung diňe öz işläp taýýarlamalary üçin Nvidia akseleratorlaryny ulanmak bilen çäklenmän, eýsem Nvidia DGX Spark atly ykjam emeli aň ulgamlaryna ýokary tizlige eýe SSD disklerini üpjün edýän möhüm hyzmatdaş boldy.

DGX Spark ykjam ulgamy – stol üstünde ýerleşdirilýän, 1 petaFLOPS derejesinde hasaplaýyş tizligini üpjün edýän emeli aň superkompýuteri hökmünde çykyş edýär.

Samsung Electronics-nyň Amerikadaky bölümçesiniň wise-prezidenti Ço San Ýon Samsung-nyň bu ulgamlar üçin üpjünçilige gatnaşýandygyny tassyklady. Onuň sözlerine görä, kompaniýa Nvidia üçin aşakdaky görnüşli SSD-leri üpjün edýär:

• SSD modeli: PM9E1

• Esasy aýratynlygy: DGX Spark üçin ýörite döredilen ýörite maglumat saklaýjy çözgüt

• Tehniki häsiýetleri: 8-nji nesil V-NAND ýady, 5 nm tehnologiýa boýunça öndürilen kontroller, 14,5 GB/s çenli geçiriş tizlikli 4 TB-a çenli saklaýyş mukdary

SSD ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi, Samsung-nyň ýokary öndürijilikli ýat pudagyndaky soňky üstünlikleri bilen hem utgaşýar. Berilýän maglumatlara görä, Samsung soňunda Nvidia akseleratorlary üçin HBM3E atly öňdebaryjy ýady üpjün etmäge hukugyny aldy.

Mundan başga-da, Samsung we Nvidia indiki nesil ýörite ýady – HBM4-i bilelikde taýýarlap başladylar. Bu bolsa emeli aň hasaplamalarynyň çalt ösýän bazarynda hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýete eýedigini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026