HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “DevFest Ashgabat’25” — işläp taýýarlaýjylar we IT hünärmenleri üçin iň uly festiwal geçiriler

Noýabr 04, 2025 | 16:50 |13989
Noýabr aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binasynda “DevFest Ashgabat’25” geçirilerNoýabr aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binasynda “DevFest Ashgabat’25” geçiriler
Çeşme: orient.tm

Noýabr aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binasynda “DevFest Ashgabat’25” geçiriler. Bu çäre programma üpjünçiligi, emeli aň we bulut tehnologiýalary ulgamyndaky hünärmenleri birleşdirer.

GDG Ashgabat jemgyýeti tarapyndan guralýan festiwal tejribe alyşmaga, täze bilimleri almaga we tehnologiýalaryň iň soňky ugurlary bilen tanyşmaga aýratyn mümkinçilik berýär.

Bu ýylky “DevFest Ashgabat’25”-iň temasy — «Emeli aň we bulut hyzmatlaryny ulanmak arkaly howpsuz, ygtybarly we giňeldilýän çözgütleri döretmek» bolup durýar. Çäräniň esasy maksady — jemgyýet üçin peýdaly, innowasion, etiki we durnukly sanly çözgütleri döretmek babatda işläp taýýarlaýjylaryň başarnyklaryny ösdürmekdir.

Festiwalyň maksatnamasy aşakdakylary öz içine alýar:

giriş çykyşyny;

ýerli hünärmenleriň gatnaşmagynda panel maslahatlaşmalary we tanyşlyk duşuşygyny;

mobil tehnologiýalar, web işläp taýýarlamalar, emeli aň, ylym we bulut hyzmatlary boýunça tematik sessiýalary;

startaplaryņ we barlaghana innowasiýalarynyň kiçi sergisini.

“DevFest Ashgabat’25”-iň hyzmatdaşlarynyň biri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkydyr. Çäräniň başlanýan wagty — sagat 10:00.

Guramaçylar ýerli IT jemgyýetini ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalary we guramalary hem taslama goşulmaga çagyrýarlar. Gatnaşmak üçin aşakdaky forma arkaly ýüz tutup bolýar:

https://forms.gle/1thxk2Vqg39QXP2c9

Çärä gatnaşmak mugt. Hasaba alyş 17-nji noýabra çenli GDG Ashgabat-yň resmi sahypasynda açykdyr:

https://gdg.community.dev/events/details/google-gdg-ashgabat-presents-devfest-ashgabat-2025-a-glimpse-into-the-future-of-tech/.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026