HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň JIÖ 6,3% ýokarlandy we 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy Mejlisiniň garamagyna iberildi

Oktýabr 31, 2025 | 23:55 |15517
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň on aýynyň (ýanwar – oktýabr) deslapky makroykdysady görkezijileriň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa esasy görkezijileriň durnukly ösüşini barada hasabat berdiAnna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň on aýynyň (ýanwar – oktýabr) deslapky makroykdysady görkezijileriň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa esasy görkezijileriň durnukly ösüşini barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň on aýynyň (ýanwar – oktýabr) deslapky makroykdysady görkezijileriň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa esasy görkezijileriň durnukly ösüşini barada hasabat berdi.

Berlen maglumatlara görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,3% deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn ösüş hasaba alyndy (2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende):

Ulag-aragatnaşyk pudagynda: +10,4%

Söwdada: +9,7%

Hyzmatlar ulgamynda: +8,3%

Gurluşykda: +8,1%

Oba hojalygynda: +5,2%

Senagat pudagynda: +1,7%

Jemi öndürilen önüm 10,1% artdy.

2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti

Wise-premýer H.Geldimyradow hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny şeýle hem geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlerdi.

Döwlet býujetiniň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Onda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň pudaklaryny, welaýatlary şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, resminamanyň möhümdigini nygtap, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek barada degişli resminama gol çekdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026