HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Oktýabr 31, 2025 | 14:40 |14977
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow.2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Serbiýa tarapyna Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy.

31102025-turkmenistan-serbiya-belgrad (2).jpg

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýykdygy tassyklanyldy.

Söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde möhüm halkara başlangyçlary özara goldamak we awtordaşy bolup çykyş etmek boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.

Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

31102025-turkmenistan-serbiya-belgrad (5).jpg

Şol gün Serbiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO-2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy – 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026