HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Oktýabr 31, 2025 | 13:55 |14898
Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlarynyň hem-de tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň 350-den gowrak sanly taslamalarygelip gowuşdyBäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlarynyň hem-de tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň 350-den gowrak sanly taslamalarygelip gowuşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

Akylly tilsimatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we täze innowasiýalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.

Цифровое решение - 2025.jpg

Bu bäsleşikde sanly ykdysadyýeti ösdürmekde täze pikirleri oýlap tapmaga we tehnologiýanyň ösüşi bilen deň kämilleşmäge ymtylýan ýaşlar bäsleşigiň dürli şertleri boýunça özleriniň başarnyklaryny we ussatlygyny görkezýärler.

Цифровое решение - 2025.jpg

Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlarynyň hem-de tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Цифровое решение - 2025.jpg

Şu günler, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryryş edaralarynyň wekillerinden ybarat emin agzalar topary ýaşlaryň işläp düzen sanly çözgütlerine bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.

Цифровое решение - 2025.jpg

Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütler işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.

Цифровое решение - 2025.jpg

Bu bäsleşik ýurdumyzda sanly intellektual tehnologiýalary we usullaryny kämilleşdirmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak we sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen ýaş alymlara hem-de talyp ýaşlara özleriniň taýýarlan täze sanly çözgütlerini durmuş-ykdysady şertlerine ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Цифровое решение - 2025.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026