HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” Germaniýanyň kompaniýalaryny uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga çagyrdy

Oktýabr 30, 2025 | 20:31 |21489
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow Germaniýada geçirilen “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumynyň çäklerinde çykyş etdi“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow Germaniýada geçirilen “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumynyň çäklerinde çykyş etdi
Çeşme: guramaçylar tarapyndan üpjün edildi

Maýn boýundaky Frankfurt, 30-njy oktýabr | ORIENT. “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow Germaniýada geçirilen “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumynyň çäklerinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, suratly slaýdlar bilen birlikde, Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleriniň giňişleýin görnüşde hödürledi we we gazy çykarmak pudagynda, daşamak we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda nemes kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny mälim etdi.

Berdimyrat Amanow ýurduň uly mukdarda energiýany öňdüriji ýurtlaryň biri hökmündäki derejesini tassyklady, onuň mümkinçiligi uglewodorod serişdeleriň 71,2 milliard tonna nebit ekwiwalentine deňdir, şolaryň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizde ýerleşýär.

Garaşsyz britan audit kompaniýasy “Gaffney, Cline & Associates” tarapyndan tassyklanan “Galkynyş” gaz känine aýratyn üns berildi, onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garakel” ýataklary bilen bilelikde 27,4 trillion kub metr tebigy gaza ýetýär.

“Türkmengaz” DK-nyň başlygynyň orunbasary bu ägirt uly gory özleşdirmegiň daşarky hyzmatdaşlar üçin uly mümkinçilikleri açýan köp tapgyrly işdigini nygtady: “Häzirki wagtda dünýäniň iň uly nebitgaz kompaniýalary bilen Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” kanunyna laýyklykda [“Galkynyş” gaz käni] ikinji we üçünji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar” – diýip, Amanow aýtdy.

Täze hyzmatdaşlygyň ýollary we hukuk kepillikleri

“Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny mälim etdi we gyzyklanýan kompaniýalary iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ýakyn wagtda “Türkmengaz” DK nemes işewürlerinde gyzyklanma döretýän birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär:

— “Galkynyş” gaz käniniň II we III tapgyrlaryny özleşdirmek,

— Täze kompressor we gysyjy beketleriň gurluşygy,

— Ýerasty gaz saklaýjy desgalarynyň gurluşygy,

— Sanlylaşdyrmany ornaşdyrmak: SCADA awtomatlaşdyrma ulgamlary we “akylly” hasaplaýjy enjamlary.

Nygtalşy ýaly, Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” we “Maýa goýum işi hakynda” kanunlary maýadarlaryň we olaryň maýasynyň ygtybarly kanuny goragyny kepillendirýär. Nebitgaz işlerine (önümi paýlaşmak, konsessiýa, bilelikdäki kärhana we töwekgelçiliklere esaslanýan hyzmatlar) degişli bolan ylalaşyklaryň anyk görnüşleri sanalyp geçildi.

Germaniýanyň ägirdleri bilen gatnaşyklary berkitmek

Berdimyrat Amanow özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýän nemes kompaniýalary bilen eýýäm ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn belledi.

— Siemens Energy: Kompressor beketlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama (2023-nji ýylda gol çekilen) üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, “Siemens Energy Global GmbH & Co. KG” bilen kompressorlary we turbinalary abatlaýyş işleri üçin jemi 108 million ABŞ dollara deň bolan meýilleşdirilýän täze şertnama barada habar berildi.

— BASF SE: Konsern, BASF önümleriniň yzygiderli sarp edijisi hökmünde, önümçilikde yzygiderli ulanylýan himiki maddalary üpjün etmek üçin uzak möhletleýin gönüden-göni şertnama baglaşmagyň mümkinçiligini göz öňünde tutmagy teklip etdi.

Netijede, “Türkmengaz” DK Germaniýa bilen turbalary, himiki reagentleri, enjamlary, ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak we kompressor beketlerini gurmak babatda hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak boýunça meýilnamalaryny tassyklady.

Hyzmatdaşlykda gazanylan tejribe Türkmenistanyň diňe bir maýany çekmek bilen çäklenmän, eýsem öz borçnamalaryny bellenen möhletlerde takyk we doly ýerine ýetirmek ukybyny hem görkezýär, bu bolsa maýa goýum taslamalarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesini berkidýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026