HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Samarkantda ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejlisine gatnaşdy

Oktýabr 29, 2025 | 22:00 |15830
Uzak ýyllardan soň ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahaty ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň daşynda — Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýär. 29-njy oktýabrda bu maslahatyň çäginde Gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstamowa gatnaşdyUzak ýyllardan soň ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahaty ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň daşynda — Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýär. 29-njy oktýabrda bu maslahatyň çäginde Gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstamowa gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

Uzak ýyllardan soň ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahaty ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň daşynda — Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýär. 29-njy oktýabrda bu maslahatyň çäginde Gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstamowa gatnaşdy.

Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasarlary, bu halkara guramasynyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary we agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň ýerine ýetiriji sekretarlary derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň birinji orunbasary, Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktoryň kömekçisi Sin Çýuý hem-de ÝUNESKO boýunça Özbegistanyň Milli komissiýasynyň başlygy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Özbegistanyö Milli toparynyň başlygy, Özbegistanyň sungaty we medeniýeti ösdürmek gaznasynyň başlygy, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň döredijilik ykdysadyýeti we syýahatçylyk bölüminiň müdiri Gaýane Umerowa dagylar çykyş etdiler.

Bu çäräniň dowamynda “Ýaşlaryň parahatçylygy, adam hukuklaryny, durmuş integrasiýasy we durnukly ösüş üçin bilimi öňe sürmekde hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” we “Sanly döwürde medeniýetleri we jemgyýetleri birleşdirmek: miras, durnukly syýahatçylyk we Ýüpek ýoly”, "Milli toparlar strategik hyzmatdaşlar hökmünde: strategiýa, maksatnamalar we hyzmatdaşlyk ugrunda bilelikde işlemek” şeýle hem “Inklýuziw jemgyýetleri gurmakda we durnukly ösüş üçin ylmy ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak” atly dört sany tematiki sessiýa geçirildi.

Üçünji sessiýanyň çägindäki çekişmede ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary hasabat bilen çykyş etdi we toparyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işine işjeň gatnaşmagynyň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk ulgamlarynda umumy maksatlary öňe ilerletmäge işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026