HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystandaky beýik binanyň üstünde stadion gurular

Oktýabr 29, 2025 | 18:30 |18070
Saud Arabystany NEOM Sky Stadium gurluşygyny yglan etdi. Bu dünýäniň ilkinji futbol meýdançasy beýik binanyň üstünde ýerleşdirilerSaud Arabystany NEOM Sky Stadium gurluşygyny yglan etdi. Bu dünýäniň ilkinji futbol meýdançasy beýik binanyň üstünde ýerleşdiriler
Çeşme: champion.com.ua

Saud Arabystany NEOM Sky Stadium gurluşygyny yglan etdi. Bu dünýäniň ilkinji futbol meýdançasy beýik binanyň üstünde ýerleşdiriler. Taslamanyň bahasy 1 milliard dollara barabar we onuň tamamlanmagy 2032-nji ýylda meýilleşdirilýär.

NEOM Sky Stadium täsin inženerçilik desgasy bolar: ol köpugurly beýik binanyň üstünde, 350 metr belentlikde ýerleşdiriler. Binanyň içinde tomaşaçylar, guramaçylar we žurnalistler üçin myhmanhanalar we söwda meýdançalary ýerleşdiriler.

1

Meýdançanyň sygymy 46 000 adama niýetlenendir. Tomaşaçylara ýokary beýiklikden hem futbol oýnuna, hem-de Er-Riýadyň futuristik şäher manzarasyna panoramaly görnüş açylar.

Taslama doly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine daýanyp, uglerod bitaraplygyny üpjün eder. Türgenleriň we tomaşaçylaryň rahatlygy üçin belentlik we gün ýylylygy bilen baglanyşykly dürli faktorlary deňleýän ýörite howalandyryş we sowadyş ulgamy işlenip düzüler.

2

NEOM Sky Stadium gurluşygy 2027-nji ýylda başlar. Meýdança, 2036-njy ýylda geçiriljek Futbol boýunça Dünýä Çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri bolar diýip garaşylýar, soňra bolsa konsertler we beýleki sport çäreleri üçin ýyl boýy ulanylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026