HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mekdep okuwçylar Panamada geçiriljek “Robotlar olimpiadasyna” gatnaşarlar

Oktýabr 28, 2025 | 18:00 |13782
Türkmenistan öz mekdep okuwçylaryndan düzülen topary bilen robototehnika boýunça “First Global Challenge 2025” halkara bäsleşigine gatnaşarTürkmenistan öz mekdep okuwçylaryndan düzülen topary bilen robototehnika boýunça “First Global Challenge 2025” halkara bäsleşigine gatnaşar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan öz mekdep okuwçylaryndan düzülen topary bilen robototehnika boýunça “First Global Challenge 2025” halkara bäsleşigine gatnaşar. “Robotlaryň olimpiadasy” atly bäsleşik Panama Respublikasynda 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli geçirilip, 190 ýurtdan ýaşlary bir ýere jemlär.

Ýurdumyzyň adyndan çykyş etjek “Oguzrobot” topary, dilleriň öwrenilişine çuňlaşdyrylan Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzülendir. Toparyň düzümine Çaryýew Ysmaýyl, Gylyçmuhammedow Emirhan, Çolukow Aznawur, Gulow Şirmuhammet we Orazgeldiýew Gurban­geldi girýär. Toparyň ýolbaşçysy tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýewdir.

Soňky aýlarda topar “Kämil bilim” bilim merkezinde ýaryşa işjeň taýýarlandy. Oguz han nesilleri robotyň dizaýnyny üstünlikli taýýarlap, programma üpjünçiligini ýazyp we giňişleýin synagdan geçirdiler.

“Okuwçylaryň taýýarlyk derejesi ýokarydyr. Biz gowy netijelere umyt edýäris. Bu bäsleşik ýaşlarymyz üçin halkara tejribe gazanmakda we döredijilik hem inženerçilik başarnyklaryny kämilleşdirmekde ajaýyp mümkinçilikdir” — diýip, Myrat Sähetgulyýew belledi.

“First Global Challenge” — bu Olimpiýa oýunlaryna meňzeş görnüşde guralýan robototehnika boýunça halkara bäsleşikdir. Bu ýylyň temasy ekoulgamyň deňagramlylygyna bagyşlanyp, ýaşlaryň daşky gurşawy goramak boýunça çözgütlerini hödürlemäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026