HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Göbekli-depe: Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän iň gadymy siwilizasiýa yzlary

Oktýabr 28, 2025 | 11:00 |16836
Günorta Anadolyda ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda alnyp barylýan «Taş Tepeler» («Daş depeler») taslamasynyň çäklerinde arheologik- barlag işleri dowam edýär.Günorta Anadolyda ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda alnyp barylýan «Taş Tepeler» («Daş depeler») taslamasynyň çäklerinde arheologik- barlag işleri dowam edýär.
Çeşme: orient.tm

Günorta Anadolyda ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda alnyp barylýan «Taş Tepeler» («Daş depeler») taslamasynyň çäklerinde arheologik- barlag işleri dowam edýär. Bu taslama iň gadymy neolit döwrüne degişli Göbekli-depe we Garahan-depe ýaly birnäçe taryhy ýadygärlikleri öz içine alýar.

1

Şanlyurfa - Göbekli-depe

Taslamanyň maksady — adamzadyň taryhynda esasy öwrülişikleriň, ýagny oturymly ýaşaýyş durmuşyna geçiş döwrüniň ýüze çykan ýerlerini öwrenmekdir. Maksatnamanyň çäklerinde Göbekli-depe, Garahan-depe, Saýburç, Sefer-depe, Harbetsuwan-depesi, Gürjüdepe, Çakmakdepe, Ýeni-Mahalle we Söwüt-Tarlasy ýaly on arheologik ýadygärlikde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

2

Şanlyurfa - Göbekli-depe

Bu ýylyň esasy tapyndylarynyň biri Garahan-depede ýüze çykarylan — adam ýüzüniň şekili oýulan T görnüşindäki daş sütündir. Bu neolit sungatynda adamlaryň ýüz keşbini hakykata golaý şekilde görkezýän ilkinji eser bolup, onuň gözleri we buruny takyk şekillenipdir. Mundan öň bu görnüşdäki sütünlerde diňe ellere we goşarlara meňzeş şekiller duş gelýärdi.

3

Şanlyurfa - Göbekli-depe

Mundan başga-da arheologlar gyzyl toprak gatlagyndan dünýäde iň gadymy hasaplanýan üç ölçegli mifologik sahnanyň tapylandygyny habar berdiler. Bu tapyndylar tertipli ýagdaýda ýerleşdirilip, gadymy adamlaryň ösen nyşanly pikirlenme ukybynyň bolandygyny görkezýär.

4

Şanlyurfa - Balyklyköl

Sebitiň merkezi taryhy ýadygärligi bolan Göbekli-depe ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Bu ýerde beýik T görnüşli sütünler, ýabany doňuzyň heýkeli we neolit döwrüne degişli adam şekilleri ýerleşýär.

5

Şanlyurfa - Balyklyköl

Şanlyurfada syýahatçylar Türkiýäniň iň uly muzeý toplumyna — Şanlyurfa muzeýine we Haleplibahçe mozaika muzeýine baryp bilerler. Bu ýerlerde eksponatlar Bürünç döwründen başlap häzirki döwre çenli taryhy yzygiderlik tertibinde görkezilýär.

6

Şanlyurfa - Garahandepe

7

Şanlyurfa - Garahandepe

Şanlyurfa sebitiniň medeni we binagärlik ýadygärlikleriniň hatarynda mukaddes Balykligöl köli we Harranyň gümmez şekilli öýleri hem bar. Syýahatçylyk ugruna ýerli aşhananyň tagamlary hem goşulýar, olaryň arasynda meşhur «gyzardylan guzy bagry» we «çig köfte» ýaly milli tagamlar aýratyn orun eýeleýär.

8

Garahandepede adam ýüzüniň çyzykly T-şekilli göni sütüni

9

Garahandepede adam ýüzüniň çyzykly T-şekilli göni sütüni

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026