HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý elektrik energiýasyny öndürmek üçin “emeli Gün” gurýar

Oktýabr 27, 2025 | 18:40 |15170
Hytaý Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde BEST (High Confinement Experimental Tokamak Reactor) atly täze ýadro-termosintez reaktorynyň gurulýandygyny yglan etdi.Hytaý Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde BEST (High Confinement Experimental Tokamak Reactor) atly täze ýadro-termosintez reaktorynyň gurulýandygyny yglan etdi.
Çeşme: Phys.org

Hytaý Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde BEST (High Confinement Experimental Tokamak Reactor) atly täze ýadro-termosintez reaktorynyň gurulýandygyny yglan etdi. Bu reaktor çäksiz “arassa” energiýany öndürmek üçin niýetlenendir we ony 2027-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär.

“Emeli Gün” adyny alan bu reaktor Günüň içindäki ýaly ýadro sintezi kadasynyň esasynda işleýär. Bu prosesiň dowamynda wodorodyň ýadrolary birleşip, gelini emele getirýär, şonda bolsa uzak möhletleýin radioaktiw galyndy döretmän energiýa bölünip çykýar.

Reaktordaky sintez prosesi Tokamak görnüşindäki enjamda amala aşyrylýar, ol ýerde plazma Selsiý boýunça 150 million gradus derejesindäki temperaturadan hem ýokary gyzdyrylýar — bu Günüň ýadrosynyň temperaturasyndan hem ýokarydyr. Maksat — atom ýadrolarynyň birleşmegini üpjün edip, elektrik energiýasyny öndürmekdir.

BEST taslamasy Hytaýyň termo ýadro energiýasy boýunça alyp barýan barlaglarynyň dowamydyr. 2021-nji ýylda EAST tejribe reaktory plazmany Selsiý boýunça 120 million gradus derejesindäki temperaturasyna çenli gyzdyryp, ony 101 sekunt saklamagy başardy we dünýä rekordyny goýdy.

Täze taslama diňe barlag maksatlary üçin däl, eýsem hakyky elektrik energiýasyny öndürmek üçin hem niýetlenendir. Bu taslama arkaly Hytaý işleýän “emeli Gününi” döreden ilkinji ýurt bolup biler we durnukly energetika tarap ýol açar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026