HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ygrarlylygyny tassyklady

Oktýabr 27, 2025 | 09:45 |15201
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlag iberendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatlaryny iberdiler.Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlag iberendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatlaryny iberdiler.
Çeşme: oilgas.gov.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlag iberendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatlaryny iberdiler.

Si Szinpin şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki gezek duşuşyk geçirilendigini, olaryň barşynda hemmetaraplaýyn hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Ol bu ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky köpugurly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigini nygtady.

HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň has ýakyn “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi. Ol Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw etdi.

Li Sýan hem öz hatynda Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Geňeşiniň Premýeri Hytaýyň Hökümetiniň hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini aýdyp, Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen dürli ulgamlarda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli çuňlaşdyrmaga, hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge hem-de täze derejä çykarmaga taýýardygyny belledi.

Li Sýan Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

BMGÖM we Winrock International, Turkmenistanda sanly başarnyklar we telekeçilik maksatnamasyna arzalary kabul edýär

22:30 Noýabr 10, 2026
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026