HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Windows 7-niň paýy täsin derejede ýokarlandy, ulanyjylar bolsa köpçülikleýin Linux ulgamlaryna geçýärler

Oktýabr 26, 2025 | 16:30 |13324
Windows 11-iň paýy duýdansyz ýagdaýda 43%-e çenli azaldy, şol bir wagtyň özünde Windows 7-niň paýy iki esse ýokarlanyp, 22,86%-e ýetdiWindows 11-iň paýy duýdansyz ýagdaýda 43%-e çenli azaldy, şol bir wagtyň özünde Windows 7-niň paýy iki esse ýokarlanyp, 22,86%-e ýetdi
Çeşme: Global Look Press

StatCounter kompaniýasynyň oktýabr aýy boýunça taýýarlan hasabatyna görä, kompýuter operasion ulgamlarynyň bazar gurluşynda garaşylmadyk üýtgeşmeler ýüze çykdy. Windows 11-iň paýy duýdansyz ýagdaýda 43%-e çenli azaldy, şol bir wagtyň özünde Windows 7-niň paýy iki esse ýokarlanyp, 22,86%-e ýetdi.

Windows 7-niň paýynyň şeýle ösmegi, ekspertleriň pikiriçe, statistiki adatdan daşary ýagdaý hasaplanylýar we bu ýagdaý ulanyjylaryň täze Windows 11 platformasyna bolan ynamsyzlygynyň hem-de oňa köpçülikleýin geçmegiň entek başlamandygynyň görkezjisidir.

Windows 10-yň resmi goldawy 2025-nji ýylyň oktýabrynda tamamlanandan soň, onuň bazardaky paýy 33,57%-e çenli peseldi. Şol bir wagtyň özünde, öň bazaryň lideri bolan Windows 11 hem öz paýyny 49%-den 43%-e çenli ýitirdi. Köp ulanyjylar entek Windows 11-e geçmäge howlukmaýarlar, sebäbi enjamlaýyn çäklendirmeleri we interfeýsiň amatly däl hasaplanmagy sebäpli sistema garşy nägilelik bildirilýär. Şeýle ýagdaý, mümkin, köne görnüşleriň — aýratyn-da Windows 7-niň — paýynyň täzeden artmagyna sebäp boldy.

Microsoft ekoulgamyndaky üýtgeşmeler şertinde, ulanyjylaryň Linux esasly alternatiwalara bolan gyzyklanmasy ýokarlanýar. Zorin OS ulgamynyň işläp taýýarlaýjylary täze çykarylan Zorin OS 18 görnüşine bolan uly gyzyklanma barada habar berdiler.

Ilkinji iki günde Zorin OS 18-iň 100 müňden gowrak gezek ýüklenendigi bellendi, şolardan 72%-i ozal Windows ulgamlarynda işleýän kompýuterlere ornaşdyryldy. Täze Zorin OS 18 aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:

• Windows 11-e meňzeş penjiräniň ýerleşiş ulgamynyň gowulandyrylan görnüşi.

• WINE 10 arkaly Windows programmalary bilen giňeldilen utgaşdyrylyş.

• Meşhur programmalary işjeň başlamaga kömek edýän akylly maslahatlar ulgamy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026