HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI Google bilen bäsleşýän ChatGPT Atlas atly brauzerini işe girizdi

Oktýabr 26, 2025 | 16:00 |12767
OpenAI resmi taýdan täze emeli aňly brauzerini — ChatGPT Atlas-y tanyşdyrdy. Kompaniýanyň pikiriçe, bu brauzer internete girmegiň adaty tertibini üýtgetmäge gönükdirilenOpenAI resmi taýdan täze emeli aňly brauzerini — ChatGPT Atlas-y tanyşdyrdy. Kompaniýanyň pikiriçe, bu brauzer internete girmegiň adaty tertibini üýtgetmäge gönükdirilen
Çeşme: OpenAI

OpenAI resmi taýdan täze emeli aňly brauzerini — ChatGPT Atlas-y tanyşdyrdy. Kompaniýanyň pikiriçe, bu brauzer internete girmegiň adaty tertibini üýtgetmäge gönükdirilen. Atlas, ulanyjynyň gyzyklanmalaryny ýatda saklap bilýän we ses arkaly berilýän buýruklar esasynda biletleri öňünden sargyt etmek, resminamalary redaktirlemek ýaly gündelik işleri ýerine ýetirip bilýän doly hukukly emeli aňly agenti özünde jemleýär.

Täze brauzeriň tanyşdyrylyşy 22-nji oktýabrda bolup geçdi. OpenAI-niň baş direktory Sem Altman, Atlas-yň internetde ulanyjy üçin hemişelik “ýoldaş” bolmak üçin döredilendigini belläp, onuň Google kompaniýasynyň önümleri we Perplexity ýaly täze emeli aňly gözleg ulgamlary bilen göni bäsleşjekdigini nygtady.

Adaty brauzerlerden tapawutlylykda, Atlas ulanyjynyň hereketleriniň taryhyny we gyzyklanmalaryny ýatda saklaýan emeli aň agentini ulanýar, netijede ol wagt geçdigiçe has şahsylaşdyrylýar.

Esasy aýratynlyklary:

• Emeli aň awtomatizasiýasy: Brauzer bileteri öňünden sargyt etmek, resminamalary redaktirlemek ýa-da internet arkaly sargyt etmek ýaly gündelik işleri ulanyjynyň ýönekeý buýruklary arkaly ýerine ýetirip bilýär.

• Bölünen ekran (Cursor chat): Gözleg wagtynda brauzer sahypany we ChatGPT bilen söhbeti bir wagtda görkezýär. Bu bolsa ulanyja tekstleriň gysgaça mazmunyny düzmek, maglumatlary barlamak ýa-da sahypadaky teksti göni redaktirlemek mümkinçiliklerini berýär.

ChatGPT Atlas eýýäm macOS ulgamy üçin elýeterlidir. Windows, iOS we Android ulgamlary üçin görnüşleri ýakyn wagtda çykarylar. OpenAI onuň “ähli ýurtlarda” işe giriziljekdigini aýdýar, emma başlangyç tapgyrda diňe ChatGPT işleýän döwletlerde elýeterli bolmagy mümkin.

Emeli aň brauzer bazary häzirki wagtda çalt ösýär: Google öz Gemini kömekçisini Chrome-a ornaşdyrýar, Perplexity bolsa ýakynda Comet atly emeli aň gözleg ulgamyny tanyşdyrdy. OpenAI bolsa Chrome, Firefox we Apple kompaniýalarynyň öňki hünärmenlerinden ybarat toparyň işläp düzen çuň integrasiýaly emeli aň agenti arkaly tapawutlanmagy maksat edinýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026