HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda “Turkcoat Istanbul 2026” 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Oktýabr 25, 2025 | 11:35 |15776
2026-njy ýylyň 14–16-njy ýanwary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde örtükler, örtük çig mallary, gurluşyk himiýasy, kleý hem-de barlaghana we önümçilik enjamlaryna bagyşlanan 10-njy Halkara “Turkcoat Istanbul 2026” sergisi geçiriler.2026-njy ýylyň 14–16-njy ýanwary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde örtükler, örtük çig mallary, gurluşyk himiýasy, kleý hem-de barlaghana we önümçilik enjamlaryna bagyşlanan 10-njy Halkara “Turkcoat Istanbul 2026” sergisi geçiriler.
Çeşme: turkcoatistanbul.com

2026-njy ýylyň 14–16-njy ýanwary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde örtükler, örtük çig mallary, gurluşyk himiýasy, kleý hem-de barlaghana we önümçilik enjamlaryna bagyşlanan 10-njy Halkara “Turkcoat Istanbul 2026” sergisi geçiriler. Çäre Stambul sergi merkezinde (Istanbul Expo Center, Istanbul Fuar Merkezi) geçiriler.

Sergi pudagyň öňdebaryjy öndürijilerini we üpjün edijilerini bir ýere jemläp, innowasion çözgütleri görkezmek, pudak boýunça iň täze gazananlary we halkara tejribeleri alyşmak, işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de dünýä bazarlarynda orunlary giňeltmek üçin aýratyn meýdança hödürlär.

1

Halkara “Turkcoat Istanbul 2026” sergisi.

Serginiň esasy ugurlarynyň hatarynda giň önüm görnüşleri bar: örtükler, örtük çig mallary, gurluşyk himiýasy, kleýler, barlaghana we önümçilik enjamlary. Sergä Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşarlar.

Bu çäre Türkiýäniň Söwda-senagat edaralarynyň we biržalarynyň birleşigi (TOBB) tarapyndan 5174-nji Kanuna laýyklykda geçirilýär. Has giňişleýin maglumat we hasaba alyş üçin resmi web sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz: https://turkcoatIstanbul.com.

Guramaçylar bilen habarlaşmak üçin salgy: sales@artkim.com.tr.

Turkcoat Istanbul – örtükler we gurluşyk himiýasy ugrundaky iň täze tehnologiýalaryň we çözgütleriň görkezilýän, dünýäniň dürli künjeklerinden pudak hünärmenlerini birleşdirýän, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän her ýylky halkara sergisidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026