HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Montana uniwersiteti kiberhowpsuzlyk we suw serişdeleri babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar

Oktýabr 23, 2025 | 18:00 |13768
Türkmenistan wekiliýeti Montana uniwersitetiniň (ABŞ) ýolbaşçylary bilen möhüm gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň esasy netijeleri kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamak, suw howpsuzlygy boýunça umumy okuwlary gurnamak we akademiki alyş-çalşygy maksatnamalaryny ýola goýmak baradaky ylalaşyklar boldyTürkmenistan wekiliýeti Montana uniwersitetiniň (ABŞ) ýolbaşçylary bilen möhüm gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň esasy netijeleri kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamak, suw howpsuzlygy boýunça umumy okuwlary gurnamak we akademiki alyş-çalşygy maksatnamalaryny ýola goýmak baradaky ylalaşyklar boldy
Çeşme: education.gov.tm

Oktýabr aýynyň 22-sine ABŞ-nyň Missula şäherinde, türkmen wekiliýeti Montana uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şol sanda prorektor Adrea Lourens bilen birnäçe iş duşuşyklary geçirdi. Saparyň esasy maksady Türkmenistanda ýokary okuw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn ösdürmekden ybarat boldy.

1

Taraplar ýyllyk ýol kartasy bilen üpjün ediljek Hyzmatdaşlyk hskynda Ähtnamada öz beýanyny tapjak uzak möhletli ugurlary kesgitlediler:

• Kiberhowpsuzlyk we IT: Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin IT ugurlarynda gysga möhletli hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryny döretmek, şeýle hem bilelikdäki okuw barlaghanasyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň prorektory geografiki maglumat ulgamlary (GMU) boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

• Suw howpsuzlygy we ekologiýa: Suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa we tebigaty gorap saklaýan tehnologiýalar boýunça synag görnüşli onlaýn modul taýýarlamaga gyzyklanma tassyklanyldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory dersara çemeleşmäniň ähmiýetini nygtady.

• Akademiki hereketlilik: Durnukly ösüş we IT boýunça umumy okuwlaryň açylmagy, şeýle hem mugallymlar üçin alyş-çalşyk maksatnamalary we talyplar üçin tejribe geçmek mümkinçilikleri boýunça ylalaşyga gelindi.

2

Saparyň netijesinde taraplar gysga wagtda Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamaga, utgaşdyryjylary kesgitlemäge we iş toparyny döretmäge ylalaşdylar. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň adam maýasyny berkitmäge we döwrebap bilim tejribelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen strategik wezipä laýyk gelýändigini belledi.

Türkmen wekiliýeti Montana uniwersitetiniň wekillerini degişli bilim forumlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026