HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny Guramanyň 80 ýyllygy bilen gutlady

Oktýabr 24, 2025 | 10:15 |15959
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrülendigi nygtalýar. Gurama tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we pugtalandyrmagy dowam etdirer diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


80 лет гаранту мира | Ашхабад и ООН закрепили стратегию партнерства до 2030 года

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026