HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Daşkent doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýarlar: Dostluk seýilgähleri, syýahatçylyk we medeniýet

Oktýabr 17, 2025 | 00:25 |16119
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyk geçirdi. Özbegistanyň UzDaily.uz portalynyň habar berşi ýaly, duşuşyk iki paýtagtyň şäher häkimlikleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek meselesine bagyşlandyÖzbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyk geçirdi. Özbegistanyň UzDaily.uz portalynyň habar berşi ýaly, duşuşyk iki paýtagtyň şäher häkimlikleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek meselesine bagyşlandy
Çeşme: orient.tm

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyk geçirdi. Özbegistanyň UzDaily.uz portalynyň habar berşi ýaly, duşuşyk iki paýtagtyň şäher häkimlikleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek meselesine bagyşlandy.

Ilçi bilen şäher häkimi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň amaly ugurlaryna ünsi jemlediler. Bu babatda Aşgabatdaky “Daşkent” we Daşkentdäki “Aşgabat” seýilgähleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly köpçülikleýin çäreleri guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu seýilgähler Özbegistan bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň täze nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de, Daşkentde hem-de Aşgabatda geçirilýän halkara çärelere paýtagtlaryň wekiliýetleriniň özara gatnaşygyny ýola goýmak barada hem pikir alyşyldy.

Hususan-da, şu ýylyň 27–29-njy noýabry aralygynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolundaky syýahatçylyk” atly Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmagy barada maslahatlaşyldy. Bu bolsa iki paýtagtyň arasynda syýahatçylyk we işewürlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026