Türkmen awangardyny öwrenmek: polşaly sungat hünärmenleri Türkmenistana sapar etdiler


Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Wekilçiligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde polşaly sungat jemgyýetçiliginiň wekiliýetiniň medeni alyş-çalyş maksady bilen Türkmenistana saparynyň geçirilmegine ýardam berdi. 29–31-nji oktýabr aralygynda geçirilen saparyň maksatnamasy Türkmenistanyň baý çeper mirasy bilen tanyşmaga, bilim we pikir alyşmaga, şeýle hem polşaly we türkmen medeniýet hünärmenleriniň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.
29-njy oktýabrda Warşawa şäherindäki Döwrebap sungat muzeýiniň direktory Joanna Mytkowska we sungat kuratory Magda Lipska, şeýle hem Polşanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Mihał Greczylo bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördüler. Olar muzeýiň ýygyndylary bilen tanyşyp, Türkmenistanyň çeperçilik däpleri we türkmen awangardynyň ösüşi barada maglumat aldylar.
Saparyň dowamynda 1920-nji ýyllaryň başyndan 1930-njy ýyllaryň ortalaryna çenli bolan döwre, şeýle hem Aşgabatda ilkinji sungat mekdebiniň (çeperçilik studiýasynyň) esaslandyryjylarynyň biri bolan Ruwim Mazeliň çeper mirasyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu döwür ýurtda hünär derejesindäki çeper biliminiň we häzirki zaman sungatynyň ösüşinde möhüm tapgyry emele getirdi.

30-njy oktýabrda polşaly wekiller Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen hem duşuşyp, medeni dialogy pugtalandyrmak we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu sapar türkmen sungat hünärmenleriniň 2027-nji ýylda Warşawada Gündogar awangardyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata gatnaşmagy, şeýle hem türkmen awangard sungatynyň Ýewropanyň dürli ýurtlarynda geçiriljek sergilerde görkezilmegi üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga esas döretdi.
Medeni alyş-çalyş Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir we halklaryň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Kuratorlary we medeni edaralary bir ýere jemlemek arkaly maksatnama dialog we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretdi, şeýle hem Türkmenistanyň baý çeper mirasyny Ýewropanyň tomaşaçylaryna has giňden ýetirmäge ýardam etdi.






