HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuda türkmen tagamy: Baku seýilgähindäki dostluk baýramçylygy we aşpezlik sungaty

Oktýabr 15, 2025 | 09:40 |15204
Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde meşhur Baku seýilgähinde Türkmenistanyň Milli pawiliony açyldy we deňiz kenary türki halklarynyň myhmansöýerliginiň öwüşginli merkezine öwürdiAzerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde meşhur Baku seýilgähinde Türkmenistanyň Milli pawiliony açyldy we deňiz kenary türki halklarynyň myhmansöýerliginiň öwüşginli merkezine öwürdi
Çeşme: azertag.az

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde meşhur Baku seýilgähinde Türkmenistanyň Milli pawiliony açyldy we deňiz kenary türki halklarynyň myhmansöýerliginiň öwüşginli merkezine öwürdi. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky medeni we ruhy gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýän bu çäre hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde milli aşhana we aýdym-saz sungatyna aýratyn orun berildi.

Bu pawilion köp sanly myhmanlar şol sanda iki ýurduň Medeniýet ministrleriniň orunbasarlaryny, diplomatik korpusyň agzalaryny we Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň wekilleri üçin özüne çekiji ýere öwrüldi.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (1).jpg

Serginiň gastronomiki bölümi bu ýere gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şol ýerde Türkmenistanyň aşpez ussatlary milli tagamlaryň baý görnüşini taýýarladylar hem-de bu ýere gelen myhmanlara hödürlediler.

Myhmanlar lezzetli palawyň, şeýle hem beýleki adaty türkmen tagamlarynyň taýýarlanyşyna lezzet alyp tomaşa etdiler hem-de sonuňdan dadyp görmäge mümkinçilik aldylar. Bu ýere gelenler aşpezlik sergisiniň esasy pursatlary işjeň surata düşdüler.

Pawilýonyň açylyş dabarasyndan soň baýramçylyk bu ýerde gurnalan sahnada dowam etdi. Myhmanlar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baý many-mazmuna eýe bolan konsert maksatnamasyna gatnaşdylar. Tomaşaçylar iki halkyň ruhy we medeni ýakynlygyny ýene bir gezek görkezýän milli tanslardan, halk aýdymlaryndan we häzirki zaman kompozisiýalaryndan lezzet aldylar.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (3).jpg

Pawilýonyň açylmagy, 15-nji oktýabra çenli dowam etjek Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň iň esasy wakalarynyň biri bolup, Bakunyň ýaşaýjylaryna doganlyk ýurdunyň baý medeni mirasy bilen has tanyşmaga mümkinçilik döreder.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (8).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (7).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (9).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (10).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (12).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (4).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (11).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (5).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026