HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Türkmenistana «sanly attaşesini» iberer

Oktýabr 15, 2025 | 09:00 |15494
Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary – Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenkonyň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijesinde, ýurdumyzyň çäginde rus maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen «sanly attaşeni» bellemek barada ylalaşyk gazanyldy. Täze hünärmeniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabada gelmegi meýilleşdirilýärRussiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary – Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenkonyň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijesinde, ýurdumyzyň çäginde rus maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen «sanly attaşeni» bellemek barada ylalaşyk gazanyldy. Täze hünärmeniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabada gelmegi meýilleşdirilýär
Çeşme: government.ru

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary – Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenkonyň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijesinde, ýurdumyzyň çäginde rus maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen «sanly attaşeni» bellemek barada ylalaşyk gazanyldy. Täze hünärmeniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabada gelmegi meýilleşdirilýär.

Bu çäre Dmitriý Grigorenko bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýewiň hem-de aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaygulyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ylalaşdyldy. Duşuşykda taraplar anyk IT taslamalaryny we sanlylaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dmitriý Grigorenko, Aşgabatda ýörite hünärmeniň bellenilmegi «özara bähbitli tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmegiň ynamly ädimi» bolup durýandygyny belledi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Onuň sözlerine görä, Russiýanyň IT pudagy durnukly ösüşi görkezýär, şeýle hem milli çözgütler — uly dil modelleri, gözleg ulgamlary, internet bazarlary (marketpleýsler) we wirusa garşy programmalary öz içine alýan önümler — ýokary eksport mümkinçiliklerine eýedir.

«Sanly attaşe» programma üpjünçiliginiň, radioelektron önümleriň we beýleki IT çözgütleriniň eksport şertnamalarynyň baglaşylmagyny hem-de ýerine ýetirilmegini goldamak wezipesini ýerine ýetirer. Häzirki wagtda şeýle hünärmenler Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri we Indoneziýa ýaly 19 ýurtda iş alyp barýarlar.

Saparyň çäginde Dmitriý Grigorenko Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary üçin sanlylaşdyrmagyň esasy wezipelerine we mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy sapagy geçirdi.

Wise-premýer türkmen kärdeşlerine Russiýanyň IT we emeli aň ugry boýunça dünýä derejesindäki işgärleri taýýarlamak boýunça güýçlendirilen modelini tanyşdyrdy. Bu täze okuw maksatnamalarynyň esasy aýratynlygy – işewür düzümleriň we senagat hyzmatdaşlarynyň işjeň gatnaşmagydyr: olar öz işgärlerini mugallym hökmünde iberýärler, hakyky iş tejribelerini (business-case) okuw meýilnamasyna goşýarlar we tejribe saparlaryny guraýarlar. Şeýle hem, bu öňdebaryjy bilim maksatnamalaryna Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň hem gatnaşyp biljekdigi bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026