HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow RF-iň wise-premýeri Marat Husnullin bilen duşuşdy

Oktýabr 14, 2025 | 01:50 |16001
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi
Çeşme: Донат Сорокин/ТАСС

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.

RF-iň wise-premýeriniň sapary yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmäge gönükdirilendir, onuň esasy wakasy bolsa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi boldy.

Duşuşygyň başynda Marat Husnullin RF-iň Prezidenti Wladimir Putiniň we RF-iň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi, şeýle-de Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutany gepleşikleriň we Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bellenildi: köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär.

Taraplar BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler, şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

medeni-ynsanperwer ugry hem ünsden düşürilmedi: halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin möhüm esas bolup durýan ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026