HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bäş möhüm waka: Hytaýda tehnologik öwrülişik we diplomatik marafon

Oktýabr 13, 2025 | 16:30 |14732
Geçen hepde (4–10-njy oktýabrda) Hytaý ýokary derejeli daşary syýasat işjeňligini görkezdi, strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrdy hem-de tehnologik ugurda uly üstünliklere eýe boldyGeçen hepde (4–10-njy oktýabrda) Hytaý ýokary derejeli daşary syýasat işjeňligini görkezdi, strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrdy hem-de tehnologik ugurda uly üstünliklere eýe boldy
Çeşme: substack.com

Geçen hepde (4–10-njy oktýabrda) Hytaý ýokary derejeli daşary syýasat işjeňligini görkezdi, strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrdy hem-de tehnologik ugurda uly üstünliklere eýe boldy.

1. Koreý ýarymadasynda diplomatiýanyň işjeňleşmegi

Pekin iki Koreýa bilen gatnaşyklaryny güýçlendirdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Sýan Phenýana sapary amala aşyryp, strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem Koreýa Demokratik Halk Respublikasy bilen serhetara poçta aragatnaşygy täzeden ýola goýuldy. Günorta Koreýa bilen gepleşiklerde Aziýa–Ýuwaş umman sebitinde erkin söwda zolagyny döretmek prosesini ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Daşary işler ministri Wan Iniň Ýewropa saparlary

Hytaýyň baş diplomaty Wan I Italiýa we Şweýsariýa sapary amala aşyryp, Ýewropa bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda iş alyp bardy. Italiýa bilen üçýyllyk Hereketler meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, Şweýsariýa bilen bolsa strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki resminama neşir edildi.

3. Baýramçylyk döwründe ykdysady durnuklylyk

Ýurduň ykdysadyýeti sekiz günlük milli baýramçylyklar — Garaşsyzlyk güni we Güýzüň aralyk baýramy döwründe durnuklylygyny görkezdi. Bu bolsa içerki sarp edijilik we ykdysady işjeňligiň ýokary derejesini tassyklaýar.

4. Eksport gözegçiliginiň berkidilmegi

Hytaý möhüm tehnologiýalara degişli eksport gözegçiligini güýçlendirdi. Täze çäklendirmeler seýrek toprak metallaryny, litium batareýalarynyň eksportyny we sintetiki grafit anod materiallaryny öz içine alýar. Şonuň bilen baglylykda 14 sany daşary ýurt guramasy “ynamsyzlar sanawa” girizildi.

5. Energiýa saklamakda tehnologik öwrülişik

Hytaý alymlary dolulygyna gaty ýagdaýdaky litium batareýalary — energiýa saklamak tehnologiýasynyň hazynasy — babatynda uly üstünlik gazandylar. Sulfid elektrolitli öz-özüne uýgunlaşýan batareýanyň döredilmegi interfeýs meselelerini çözüp, köpçülikleýin önümçilige ýol açýar we dünýä batareýa senagatynda öwrülişik döredip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026