HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işlemegiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça täze çäreler

Oktýabr 09, 2025 | 12:30 |13406
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň hem-de Seýdi zawodynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň hem-de Seýdi zawodynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Çeşme: turkmennebit.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň esasy meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda tehnologik ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişine görä, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynyň hem-de Seýdi zawodynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli kämilleşdirilýär we häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de öndürilýän önümleriň, şol sanda benziniň, polipropileniň we çalgy ýaglaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Wise-premýer tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.

Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli kärhanalaryň serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan meýilnamany makullap, ony ýerine ýetirmäge girişmegi tabşyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026