HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BAE diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny belleýärler

Oktýabr 10, 2025 | 04:17 |14004
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylary 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylarTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylary 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylary 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz gutlag hatynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň “birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk” ýaly sarsmaz ýörelgelere esaslanýandygyny we olaryň öňe gitmäge hem-de gülläp ösmäge gönükdirilendigini nygtady.

"Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär” - diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Öz jogap hatynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

BAE-niň Lideri ýurduň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary "dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine" ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen hat alyşma Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini tassyklaýan möhüm diplomatik ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026