HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

Oktýabr 16, 2026 | 15:00 |466
Çeşme: orient.tm

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi penşenbe güni Eýran bilen bagly täze sanksiýalaryň girizilendigini habar berdi. Çäklendirmeler 16 adama we 11 gurama degişli edildi.

ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň Daşary ýurt aktiwlerine gözegçilik müdirliginiň (OFAC) maglumatyna görä, sanksiýalar maliýe edaralaryna, walýuta alyş-çalyş kompaniýalaryna, şeýle hem energetika we söwda kärhanalaryna degişli. Bu adamlar we guramalar OFAC-yň ýörite bellenen şahslaryň we guramalaryň sanawyna — SDN sanawyna girizildi.

Şol bir wagtda OFAC International Development Bank for Investment and Finance bilen bagly amallary tapgyrlaýyn tamamlamaga rugsat berýän umumy ygtyýarnamany hem çykardy.

OFAC-yň direktory Bredli T. Smit tarapyndan gol çekilen resminama degişli maliýe amallaryny tamamlamagyň tertibini kesgitleýär.

CCTV+ habar bermegine görä, täze çäreler ABŞ-nyň Eýran bilen bagly şahslara we kompaniýalara garşy sanksiýa ulgamynyň nobatdaky giňeldilmegi boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026