HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nazaryýetden amalyýete: logistika hünäriniň talyplary gurluşykda smeta işiniň esaslaryny öwrendiler

Oktýabr 09, 2025 | 08:30 |12679
Türkmenistanyň geljekki logistleri bilimlerini amaly taýdan berkitdilerTürkmenistanyň geljekki logistleri bilimlerini amaly taýdan berkitdiler
Çeşme: bilim.tm

Oktýabryň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary nazary bilimlerini pugtalandyrmak maksady bilen amaly sapak geçirdiler. Sapagyň esasy maksady gurluşyk pudagynyň aýratynlyklary bilen tanyşmak, şol sanda fundamentleriň gurluşyny we çykdajy smetasynyň ähmiýetini öwrenmek boldy.

Sapagyň dowamynda çykdajy smetasynyň gurluşyk işlerinde iň möhüm guralyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Onuň kömegi bilen aşakdaky möhüm wezipeler ýerine ýetirilýär.

• Meýilleşdiriş we esaslandyryş: Taslama çözgütleriniň deňeşdirilmegi, gurluşygyň ýerine we maksadalaýyklygyna baha berilmegi, maýa goýumlarynyň meýilleşdirilmegi.

• Ylalaşyk gatnaşyklary: Smeta potratçy bilen baş gurluşyk guramasynyň arasynda şertnama baglaşmak, bahany ylalaşmak we işleriň tertibini düzmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

• Netijeliligi seljermek: Smetanyň esasynda zähmet çykdajylary, kärhananyň meýilleşdirilen we hakyky girdejisi kesgitlenýär, bu bolsa önümçilik-ykdysady seljerişi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, logistika ugury boýunça geljekki hünärmenler üçin smeta işini bilmek gurluşyk taslamalaryny netijeli dolandyrmakda örän möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň bilim we ylmy binýadyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda döwrebap innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Binagärlik we gurluşyk institutynyň täze binasynyň gurulmagy we ulanyşa berilmegi ylmy işlere güýçli itergi berjekdigi bellenildi.

Täze barlaghanalarda alnyp barylýan ylmy-innowasion işler talyplaryň, mugallymlaryň we alymlaryň döredijilik başlangyçlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sanly gurluşlaryny pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026