HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýapon ägirdi NTT fermalary goramak üçin dronlary lazer bilen enjamlaşdyrar

Oktýabr 07, 2025 | 16:45 |11645
Fermalaryň geljegi: NTT guş dümewine garşy lazer ulgamlaryny synagdan geçirýär we mal başyny gorap saklaýarFermalaryň geljegi: NTT guş dümewine garşy lazer ulgamlaryny synagdan geçirýär we mal başyny gorap saklaýar
Çeşme: Unsplash

Dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Ýaponiýada hem, fermalar guş dümewiniň çalt ýaýramagy sebäpli mal başynyň elhenç derejede azalmagyna sezewar bolýarlar. Diňe 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Tiba prefekturasynda 3,3 million towuk ýok edildi. Bu mesele bilen baglylykda, ýapon tehnologiýa ägirdi NTT uçarmansyz uçarlara (dronlara) esaslanýan innowasion gorag ulgamyny döretmäge girişdi.

Täze ulgam lazer enjamlary bilen üpjün edilen dronlary ulanýar. Bu dronlar awtomatiki ýagdaýda howa galyp, fermanyň meýdanlaryny gyzyl we ýaşyl şöhleler bilen tötänleýin yşyklandyryp biler. Bu şöhleleriň maksady – ýabany guşlary (kepderiler, gargalar, sarlar ýaly) hem-de wirus göteriji bolmagy mümkin beýleki haýwanlary, meselem, sugunlary gorkuzmakdyr.

NTT bilen hyzmatdaşlyk edýän fermerleriň pikiriçe, bu usul şowhun ýa-da himiki serişdeler ýaly zyýankeşlere garşy köne çärelerden has netijelidir. Awtomatiki nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan dronlar, adam güýjüne mätäç bolmazdan, ýokaşma howpunyň giň gerim almagynyň öňüni almak üçin niýetlenendir. Ulgamyň netijeliligi we takyk netijeleri meýdan synaglary tamamlanandan soň belli bolar.

Bu bolsa Ýaponiýanyň oba hojalygynda ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalarynyň ýeke-täk mysaly däl. Osaka şäherinde geçirilýän “Expo 2025” Bütindünýä sergisinde “dünýäde ilkinji wodorodly uçarmansyz traktor” prototipi täzeden görkezildi. Bu futuristik enjam adamlaryň gatnaşmazdan meýdanlarda işläp biler we zyňyndysyz hereket eder, bu bolsa geljegiň ekologiýa standartlaryna doly laýyk gelýär. Prototipiň ilkinji synaglarynyň 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilmegine garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026
BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

BSG Türkiýäniň hytaý elektromobillerine girizen çäklendiriji çäreleriniň düzgünleri bozýandygyny ykrar etdi

19:00 Iýul 29, 2026