HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri Italiýada suw serişdelerini dolandyrmagyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler

Oktýabr 07, 2025 | 17:25 |10903
Türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm ädim bolan sanly suwaryş ulgamlaryny we suwy tygşytlaýjy usullary özleşdirdiTürkmen wekiliýeti ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm ädim bolan sanly suwaryş ulgamlaryny we suwy tygşytlaýjy usullary özleşdirdi
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Italiýanyň Witerbo şäherinde “Merkezi Aziýa – Italiýa” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu möhüm agrar çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk institutyň wekilleri gatnaşdy.

Okuw maksatnamasynyň esasy maksady oba hojalygynda suwy netijeli peýdalanmak boýunça halkara tejribeleri öwrenmekden, innowasion suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmakdan hem-de sanly tehnologiýalary netijeli ulanmakdan ybarat boldy.

Okuw döwründe gatnaşyjylar diňe bir howanyň üýtgemeginiň täsiri baradaky çykyşlary diňlemän, eýsem amaly tejribe almak üçin möhüm merkezlere-de baryp gördüler:

• Tuşia uniwersiteti (Tuscia University) – hereket edýän suwaryş ulgamlary bilen tanyşlyk.

• TORO kärhanasy – iň täze suw tygşytlaýjy enjamlaryň, sensor tehnologiýalarynyň we H2OCAD atly suwaryş taslama üpjünçiliginiň öwrenilmegi.

• ARSIAL we Maccarese merkezleri – toprak gözegçiligi, “zatlaryň interneti” (IoT) tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we ýokary hasylly bagbançylyk ulgamlary boýunça tejribe alyşmak.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara tejribesini milli tejribä ornaşdyrmakda we oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.

Bu başlangyç arkaly türkmen hünärmenleri suwaryş ulgamynyň sanly dolandyrylyşynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny özleşdirip, ylmy we suwy tygşytlaýjy çözgütleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Bu çäreler suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine we ýurduň agrar pudagynyň innowasion ösüşine hyzmat edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026