HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI: Ilon Mask Grok Imagine 0.9 ulgamyny — ýokary tizlikde wideo döredýän täze AI platformasyny tanyşdyrdy

Oktýabr 08, 2025 | 18:30 |14575
Ilon Mask öz wideo döretmek üçin niýetlenen emeli aň platformasynyň täze görnüşini — Grok Imagine 0.9 atly ulgamyny tanyşdyrdyIlon Mask öz wideo döretmek üçin niýetlenen emeli aň platformasynyň täze görnüşini — Grok Imagine 0.9 atly ulgamyny tanyşdyrdy
Çeşme: playground.ru

Ilon Mask öz wideo döretmek üçin niýetlenen emeli aň platformasynyň täze görnüşini — Grok Imagine 0.9 atly ulgamyny tanyşdyrdy. Bu täzeleşdirme döredilýän mazmunyň hakykylyk derejesini we öndüriliş tizligini ep-esli ýokarlandyrmak bilen, emeli aň bazarynda, esasanam 30-njy sentýabrda çykarylan OpenAI Sora 2 ulgamyndan soň, bäsdeşligi güýçlendirýär.

Maskyň bellemegine görä, Grok Imagine ulgamynyň soňky görnüşi tekst soraglarynyň esasynda dessine surat we wideo döredip bilýär.

Mint neşiriniň täze görnüşini synagdan geçirmeginiň netijelerine görä:

• Wideo döretmek takmynan 15 sekunt dowam edýär.

• Suratlar şol bada döredilýär.

• Döredilýän wideo ýazgylar ýokary durulyga, hakykylygawe çuňňur jikme-jiklige eýedir.

Wideo mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen birlikde, Ilon Mask täze sesli interfeýs — Grok Voice Mode bilen hem tanyşdyrdy. Ulanyjylar sazlamalarda “Open App in Voice Mode” funksiýasyny işjeňleşdirip, teksti girizmezden ses arkaly programma bilen göni aragatnaşyk saklap bilerler. Bu mümkinçilik programma bilen işleýşi has çalt, amatly we täsirli edýär.

Grok Imagine 0.9 ulgamynyň çykarylmagy bäsdeş kompaniýalaryň tehnologiýalaryna gönüden-göni jogap bolup, generatiw emeli aň tehnologiýalarynyň ösmeginde möhüm ädim hökmünde garalýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026