HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler

Oktýabr 09, 2025 | 19:10 |14107
12–14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.12–14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Çeşme: orient.tm

12–14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Ilkinji gezek bu iki iri forum bir meýdançada birleşdiriler, bu bolsa gatnaşyjylara sanlylaşdyrma, innowasiýa we ulag integrasiýasy boýunça durnukly ösüşiň çäklerinde pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň habar bermegine görä, sebitiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky bu möhüm çäre ýokary tehnologiýalar babatda tejribe, pikir we üstünlikleriň alyşylýan meýdançasyna öwrüler. Foruma döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, alymlar, bilermenler hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri gatnaşarlar.

Esasy üns sanly ösüş, telekommunikasiýalar, hemra tehnologiýalary, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlaryndaky gazanylan üstünlikleri görkezmäge we meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler. «Türkmentel–2025» çäklerinde «Sanly çözgüt–2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde gatnaşyjylar halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar. Ulag-aragatnaşyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitleýin we ählumumy derejede möhüm logistika merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolandygyny bellemek zerurdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde 26-njy noýabryň Bütindünýä durnukly ulag güni hökmünde yglan edilmegi baradaky Kararnama kabul edilendigini ýatlap geçmeli.

Forumyň sergi bölegi Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryny, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we pudaga maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen geljegi uly bolan taslamalary we çözgütleri görkezmek üçin niýetlenendir.

http://www.ittcturkmenistan.com/

https://www.turkmentelecoms.com/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026