HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask «Wikipediýanyň» alternatiw görnüşi bolan Grokipedia-nyň işe giriziliş senesini mälim etdi

Oktýabr 08, 2025 | 11:35 |13352
Ilon Mask öziniň täze sanly ensiklopediýasy Grokipedia-nyň synag görnüşindäki işe girizilişiniň indiki iki hepdäniň dowamynda boljakdygyny habar berdi.Ilon Mask öziniň täze sanly ensiklopediýasy Grokipedia-nyň synag görnüşindäki işe girizilişiniň indiki iki hepdäniň dowamynda boljakdygyny habar berdi.
Çeşme: xAI

Ilon Mask öziniň täze sanly ensiklopediýasy Grokipedia-nyň synag görnüşindäki işe girizilişiniň indiki iki hepdäniň dowamynda boljakdygyny habar berdi. Bu barada xAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz sosial ulgamyndaky X sahypasynda ýazdy.

Grokipedia xAI kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan akylly platforma hökmünde döredilýär. Bar bolan maglumatlara görä, ulgam eýýäm X ekoulgamyna ornaşdyrylan Grok atly chatbotyň bilim binýadyna daýanyar.

Taslamanyň esasy maksady — açyk çeşmelerden maglumatlary toplamak, täzelenmek, maglumatlary barlamak we degişli kontekst goşmakdyr. Işläp taýýarlaýjylar Grokipedia-nyň diňe ulanyjylar üçin däl-de, emeli aň ulgamlary üçin hem elýeterli boljagyny, mazmunyň açyklygyny we bilelikde redaktirleme mümkinçiligini üpjün etjekdigini belleýärler.

Häzirlikçe täze ensiklopediýanyň X platformasyna göni integrirlenjekdigi ýa-da aýratyn web sahypasy görnüşinde hödürlenjekdigi barada takyk maglumat berilmedi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026