HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Oktýabr 04, 2025 | 14:10 |11983
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3–4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada saparda bolup, döwlet edaralarynyň, ylmy merkezleriň we kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3–4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada saparda bolup, döwlet edaralarynyň, ylmy merkezleriň we kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3–4-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada saparda bolup, döwlet edaralarynyň, ylmy merkezleriň we kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Uniwersitetde berlen maglumata görä, duşuşyklaryň esasy temasy ylmy, bilim we ýokary tehnologiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy.

1

3-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýokary bilimi we jemgyýetçilik üpjünçiligi boýunça toparynyň direktory D. Ueda bilen duşuşdy. Taraplar bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegini, hünär taýýarlygy boýunça taslamalary hem-de akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleriniň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2

Şol gün türkmen wekilleri Kawasaki Senagat ösüş institutynyň Nanolukmançylyk innowasiýalar merkezi boýunça direktorynyň orunbasary K. Nagai bilen hem duşuşdylar. Duşuşykda nanolukmançylyk ugrunda häzirki zaman ylmy-barlag işleri we türkmen talyplary üçin “nanotehnologiýa” hünäri boýunça tejribe geçmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýet Türkmen–Ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk birleşiginiň başlygy H. Koinuma we birleşigiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklarda bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlary, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi we alyş-çalyş maksatnamalarynyň giňeldilmegi bipen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

3

Mundan başga-da, wekiliýet Tohkemy Corporation kompaniýasynyň bölüm başlygy M. Ýamadzumi bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri we bilelikdäki taslamalar, şol sanda uniwersitet bilen Tohkemy Corporation-yň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda suwy arassalaýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026